SOŇKY HABARLAR
PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, olary geljekde ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Öňdebaryjy ugurlaryň hatarynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik özaragatnaşyklary bellenildi. Gepleşikleri...
YSLAMABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE PAKISTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Jin Ki Hun bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gurşawdaky gazanylan ýokary netijeleri belläp, taraplar halkara guramalaryň çarçuwas...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI GELJEKDE GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Malaýziýanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-hem energetika, ulag, bilim we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşy...
«RAI TRE» TÜRKMENISTANY 2018-NJI ÝYLDA “SYÝAHATÇYLYK ÜÇIN IŇ GOWY ÝER” DIÝIP YGLAN ETDI
Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....
Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...