SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN - PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY BOLAN 2021-NJI ÝYLY GELJEGE YNAM BILEN GARŞYLADY
Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoşniýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bittaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy, 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady. Bu şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwle...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTANDAKY TÄZE ILÇISI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Rejepow Batyr Durdymuratowiç Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Nur-Sultan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik derejäsi bilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi wezipesine bellenildi. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli baglangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respub...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys. 2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýyly. Sygyr «Malym — janym» diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar. Merdana halkymyz Täze ýyla aýdyň maksatlar, uly y...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...
TÜRKMEN-RUSSIÝA PARLAMENTARA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Federasiýa Geňeşiniň spikeri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmenistanlylara türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we y...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ÇAGALAR BILEN ÝURDUMYZYŇ BAŞ ARÇASYNA BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi halkyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyra...