img
سفارة تركمانستان
الإمارات العربية المتحدة - أبو ظبي
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY GEÇIRILER

photo

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler.

Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maslahatlaşarlar.