img
سفارة تركمانستان
الإمارات العربية المتحدة - أبو ظبي
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

TÜRKMENISTANDA GAZAGYSTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR

photo

2018-nji ýylyň 29-30-njy noýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Bu Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly-haşam, muzeý gymmatlyklarynyň we surat sergisi gurnaldy.

Türkmenistanda geçirilýän Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy berkitmekde şeýle hem halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.