آخر الأخبار
RUMYNIÝADA «AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINE BAGYŞLANAN SERGI WE TANYŞDYRLYŞ DABARASY GEÇIRILÝÄR
Rumyniýanyň Transilwaniýa regionynyň Oraştiýe diýen ýerinde şu günler “Off Road” we “Rally Raid” awtomobilleriniň arasynda Rumyniýanyň açyk milli ýaryşynyň IV tapgyry geçirilýär. Türkmenistanyň Rumyniýa gelen wekiliýetiniň Rumyniýanyň awtomobil sport federasiýasy bilen ylalaşygyna laýyklykda ýokarda agzalan tapgyryň çäklerine «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisini wasp etmek boýunça birnäçe çäreler geçirýär. Şeýle tematiki çäreleriň hataryna «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlana...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMEN ŽURNALISTLERINIŇ SOWALLARYNA JOGAP BERDI
2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi bilen tanşyp, ýaryşyň geçiriljek ýolunyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyna gözegçilik etdi. Milli Liderimiz ir säher bilen öňde boljak ralliniň geçjek ugrunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar. Milli Lid...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZI KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2018-nji ýylyň 11-nji iýulynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady. Okuw maslahatyna dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — tele we radioýaýlymlaryň, gazetleriň, žurnallaryň, Internet-neşirleriň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugally...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga gelen, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dinara Kemelowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy gepleşikleri giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TATARYSTAN RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY
2018-nji ýylyň 6-njy iýulynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Üç sagatdan soň Prezidentiň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde türkmen Liderini Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Bu sapar Tatarystanyň...
AŞGABAT ŞÄHERINDE ÝEWROPA BILELEŞIGI-MERKEZI AZIÝA WE OWGANYSTAN DÖWLETLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa we Owganystan döwletleriniň arasynda syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine ÝB-niň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Žan Kristof Bellýar ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, ekstremizm ýaly halkara hem-...
ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 4-5-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Ženewa şäherinde iş saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaerowa, Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ilçi Robertu Azewedu, Parlamentara Birleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong, Halkara Gyzy...