TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik gecirildi.

Birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklara, iki goňşy halky baglanyşdyrýan umumy ruhy hem-de medeni gymmatlyklara esaslanýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de doganlyk halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde ýeňip geçmek üçin täze başlangyçlary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutany ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.