DAŞOGUZDA KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPED ÝÖRÜŞI GEÇIRILDI
25-nji oktýabrda ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan welosiped ýörüşi geçirildi. Ony Daşoguz welaýatynyň häkimligi hem-de Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi guradylar.
Welosiped ýörüşine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň üç ýüze golaýy gatnaşdy. Ol şäheriň iň uzyn we owadan köçeleriniň biri bolan Görogly köçesinde geçirildi. Welosiped ýörüşinden soň Daşoguzyň sport mekdepleriniň wekilleriniň arasynda şosse welosiped ýaryşy boldy.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär, ugurdaş döwrebap düzümler kemala gelýär. Işjeň dynç almagy halaýanlaryň arasynda welosiped sporty barha meşhurlyga eýe bolýar.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15040