SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyş...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞDÄKI NOBATDAKY DUŞUŞYK
Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belläp, iki ýurduň k...
YGTYBARLY IMMUNO-ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI ILATYŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ KEPILIDIR
Raýatlara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.Immuno-öňüni alyş çäreleri waksinalar arkaly täsir edilýän ýokanç keseller babatynda epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň möhüm serişdesidir. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda, jemi 14 sany kesellere garşy, ýagny wirusly gepa...
DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýu...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDA HALKARA GURAMALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna aýratyn ähmiýet çekildi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine “2015-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, ÝUNISEF...
TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Kärdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanper...