img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Okt

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleriň girizilmegi bilen baglylykda, onuň düzümi bölekleýin täzelenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14929

DOWAMY
pic
3 Okt

PÜRLI SARYÝEWIŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE BAGYŞLANAN KONSERT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmensitanyň halk artisti, ajaýyp dutarçy we gyjakçy, kompozitor hem-de halypa Pürli Saryýewiň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy. Konsertiň başynda konserwatoriýanyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebow giriş sözi bilen çykyş etdi hem-de Pürli Saryýewiň ýerine ýetirijilik aýratynlykary barada gürrüň berdi. Pürli Saryýew 1900-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Bäherdeniň Bamy obasynda (Ahal welaý...

DOWAMY
pic
3 Okt

DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABY HYTAÝ DILINDE NEŞIR EDILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öň ýanynda jemgyýetçilik köpçüligi bilen tanyşdyrylan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze edebi işi daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurtlaryň köpüsiniň ylym jewgyýetiniň we jemgyýetçilik köpçüliginiň wekilleri türkmen halkynyň baý ruhy-taryhy mirasy barada gürrüň berýän we siwilizasiýanyň ösüşine goşan saldamly goşandyna şaýatlyk edýän bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge i...

DOWAMY
pic
3 Okt

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI PORTUGALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE ÖZÜNIŇ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewiň Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza özüniň ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.  Dabaranyň barşynda Portugaliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.    Şeýle hem Marselu Rebelu de Souza iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde...

DOWAMY
pic
3 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümi tassyklandy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe minist...

DOWAMY
pic
2 Okt

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ SERGISINDE ATA-ENELERIŇ WASPY

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Ýaşuly adamlaryň halkara gününe bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Ýaşulylara sarpa goýýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklary ussatlaryň, ýaş žiwopisçileriň we heýkeltaraşlaryň dürli tilsimli köpugurly işlerinde öz beýanyny tapýar. Eksponatlar bilen tanşyp ýörkäm meniň nazarym bir surata düşdi, onuň gahrymany maňa tanyşdy... Ol Mamajan ejedi, bu ene barada neşirimiziň sanlarynyň birinde gürrüň beripdik. Ykbal bu zenany Adamowlaryň maşg...

DOWAMY
pic
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY T.B.KÖMEKOW HAKYNDA

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabry. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14921

DOWAMY