SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Yragyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli jenap Nizar Amediniň adyna gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda Yragyň täze saýlanan Prezidentine tüýs ýürekden gutlaglaryny we berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de Yrak halkynyň durnukly ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ähli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ilçisi Halifa uniwersitetinde duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabi şäherindäki Halifa uniwersitetiň rektory, professor Ebrahim Al Hajri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Halifa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, tehnologiýa we innowasiýa ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar akademiki alyş-çalyş, magistratura we doktorantura okuwlary hem-de bilelikdäki ylmy...
Türkmenistanyň Ilçisi IRENA-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi. Dabaradan soňra bolan resmi kabul edişligiň dowamynda Hemişelik wekil Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmeni...
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Al-Falahi bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda esasan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail 2025» halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň we BAE-niň demir ýol edaralarynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek...
Şarja şäherinde Türkmenistan bilen BAE-nyň işewür hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçisi Baýram Baýramow bilen Şarja Söwda-senagat edarasy we Expo Centre Sharjah-yň başlygy Abdullah Sultan Al Owaisiň, şeýle hem ICC UAE-niň başlygy we BAE-nyň Palatalar federasiýasynyň Baş sekretary Humaid M. Ben Salemiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk işjeň we özara düşünişmek ýagdaýynda geçip, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ta...
El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň resmi ykdysady wekiliýeti ilkinji gezek Kuweýtiň Söwda-senagat edarasyna bardy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi. Kuweýtiň Söwda-senagat edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Firas Al-Ouda bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyz...
Türkmenistan bilen Seýşel adalary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň BAE-daky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Baýram Baýramow bilen Seýşel Respublikasynyň BAE-daky Ilçisi Žerve Mumou arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn üns syýahatçylyk ulgamyna, şol sanda wiza meselelerine hem-de özara syýahatçylygyň giňeldilmegine gönükdirildi. Şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk, döredijilik toparlarynyň saparlary we medeni ç...