SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanly okuwçylar Dubaýda geçirilen iWISE Global Final 2026-da 12 medal gazandy
Türkmenistanly okuwçylar 2026-njy ýylyň 14-16-njy fewral aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen «iWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandylar. Topar 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal eýeläp, öz ýokary taýýarlygyny görkezdi. «Line Follower» ugry boýunça altyn medala Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy Selim Begmyradow hem-de Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy Abduljelil Patyşagulyýew mynasyp boldular. Şeýle...
Türkmenistan we BAE ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hem-de söwda-ykdysady ugurlarda ikitarapl...
Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda bu ýurduň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirli...
Dubaý şäherinde energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2026-njy ýylda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) dolandyryjy direktory Sultan Ahmed Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gaz puda...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026 maslahatynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti – 2026 maslahatynda eden çykyşy (Dubaý ş., 2026-njy ýylyň 3-nji fewraly) Hormatly Sammite gatnaşyjylar, Hanymlar we jenaplar, Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýä geosyýasy, ykd...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bütindünýä hökümetler sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmagynyň dowamynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Sammitiň çäginde geçirilen «Ählumumy bileleşikleriň geljegi» atly sessiýada çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda, Ministr dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm meseleleri çözmek boýunça Türkmenistanyň çemeleşmesini be...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-5-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä hökümetler sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Bütindünýä hökümetler sammiti 2026-njy ýylyň 3-den 5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirildi. Sammite 30-dan gowrak döwlet we hökümet baştutany, şeýle hem 150 hökümet wekiliýeti we takmynan 6 000 ga...