Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça direktory bilen duşuşyk geçirdi

photo

2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Al Teneijiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň giňeldilmegine, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we “işewürlik - işewürlik” görnüşindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan, geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda “Türkmenistan – BAE” işewürlik forumynyň BAE-niň Şarja emirligindäki Şarja Söwda-senagat edarasynda guralyp geçirilendigi bellenildi. Taraplar forumyň üstünlikli geçirilendigini, onuň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin amaly ähmiýetini aýratyn nygtap, şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinde yzygiderli geçirilýän halkara ykdysady, maliýe, söwda-telekeçilik we maýa goýum çärelerine türkmen tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şu babatda türkmen telekeçileriniň halkara ýarmarkalara we sergilere gatnaşmagy, şeýle hem BAE-niň işewür wekilleriniň Türkmenistanda guralýan şuňa meňzeş çärelere gatnaşmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň önümleriniň Birleşen Arap Emirliklerinde sergisiniň hem-de tanyşdyrylyşynyň geçirilmegi boýunça mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, milli türkmen halylary we ýurdumyzyň önümçiligiň beýleki bäsdeşlige ukyply görnüşleri barada durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamaga taýýardyklaryny beýan etdiler hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça özara bähbitli dialogy dowam etdirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.