Türkmenistanyň Ilçisi Halifa uniwersitetinde duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Abu-Dabi şäherindäki Halifa uniwersitetiň rektory, professor Ebrahim Al Hajri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Halifa uniwersiteti bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym, tehnologiýa we innowasiýa ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Taraplar akademiki alyş-çalyş, magistratura we doktorantura okuwlary hem-de bilelikdäki ylmy başlangyçlar barada pikir alyşdylar. Ilçi uniwersitetiň wekillerini Aşgabatda geçiriljek matematika olimpiadasyna (OMOUS 2026) we saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergä gatnaşmaga çagyrdy. Bu başlangyçlaryň dowamy hökmünde taraplar onlaýn maslahatlaşmalary geçirmek barada ylalaşdylar.
Saparyň ahyrynda Ilçi üçin uniwersitetiň robototehnika we lukmançylyk barlaghanalaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi.