Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýşäherinde geçirilen «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi 2026-njy ýylyň 7-9-njy sentýabry aralygynda Dubaý Bütindünýä söwda merkezinde geçirilen 15-nji «AIM Congress 2026» kongresinde Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri girdi.
«Global rowaçlygy täzeden şekillendirmek: durnukly we hemmetaraplaýyn geljege tarap täze maýa goýum ýollaryny açmak» şygary astynda geçirilen kongrese 191 ýurtdan we guramadan 25 müň wekil gatnaşdy, 540 çykyş edijiniň gatnaşmagynda 103 mejlis geçirildi.
Açylyş dabarasyny BAE-niň Ýokary geňeşiniň agzasy, BAE-niň Ras-el-Haýma emirliginiň Dolandyryjysy açdy. Esasy çykyşlar BAE-niň Daşary söwda ministri, kongresiň Başlygy hem-de şu ýylky kongresiň hormatly myhmany bolan Efiopiýanyň Prezidenti tarapyndan edildi. Gatnaşyjylaryň hatarynda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, Ugandanyň Premýer-ministri, Mongoliýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Pars aýlagynyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary we BAE-niň Raýdaşlyk we bilelikde ylalaşykly ýaşamak ministri, şeýle hem «Emaar Properties», «Lulu Group International» we «The Kanoo Group» ýaly sebitiň öňdebaryjy işewür toparlarynyň ýolbaşçylary boldy.
Wekiliýet açylyş dabarasyna hem-de maksatnamanyň mowzuklaýyn mejlislerine, şol sanda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen bilelikde guralan Merkezi Aziýa boýunça panel maslahatyna, Maýa goýumlary çekmek boýunça agentlikleriň bütindünýä assosiasiýasy bilen bilelikde geçirilen maýa goýum boýunça ministrler derejesindäki tegelek stoluna, şeýle hem erkin ykdysady zolaklara we senagat syýasatyna bagyşlanan köp sanly mejlislere gatnaşdy.
Wekiliýet şeýle hem kongresiň çäginde guralan sergi bilen tanyşdy we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän maliýe institutlary, kompaniýalar hem-de maýa goýumlary çekmek boýunça agentlikler bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.