Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Milli kitaphanasynyň we arhiwiniň wekilleri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Milli kitaphanasynyň we arhiwiniň wekilleri hem-de hünärmenleri bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu kitaphana birbada 600 okyjyny kabul etmäge we 3 million neşir birligini saklamaga niýetlenendir. Duşuşygyň dowamynda tejribe alyşmak, hünärmenleri taýýarlamak, gaznalary sanlylaşdyrmak we bilelikdäki sergi taslamalary boýunça meselelere garaldy.
Şeýle-de Ilçi, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada habar berdi. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girýär.
Taraplar gatnaşyklary dowam etdirmek, şeýle hem edaranyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny içgin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Ilçiniň BAE-niň Milli kitaphanasyna we arhiwine saparyny guramak barada ylalaşdylar.