TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi.

Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşygy) durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýerine ýetirildi. Onuň esasy maksady – halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy, üstaşyr ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, has giňişleýin ykdysady integrasiýa maksady bilen gümrük, wiza we beýleki amallaryň ýeňilleşdirilmeginden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýokarda görkezilen ylalaşyklaryň gatnaşyjysy bolmak bilen, sebit we halkara derejelerinde ulag hem-de üstaşyr geçelgeleri ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine hemmetaraplaýyn itergi berýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Baştutanynyň ulag gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegi, ulag ugurlarynyň giňeldilmegi we ulag diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylyşynyň giň gerimde güýçlendirilmegi ulgamynda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigini bellemek zerurdyr.

Türkmenistan kontinental ölçegli ulag-üstaşyr ýollarynyň döredilmegi babatynda çykyş etmek bilen, demirýol, awtoulag, howa we deňiz ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň, hususan-da Türkmenbaşy şäheriniň döwrebap port toplumynyň giň gerimde peýdalanylmagy bilen, bar bolan ähmiýetli mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ulanylmagyna ymtylýandyr.

Şunlukda, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň şu ýylyň mart aýynda Baku şäherinde geçirilen gepleşikleriniň barşynda Türkmenbaşynyň we Bakunyň, şeýle-de Alýat deňiz portunyň mümkinçilikleriniň işjeň ulanylmagynyň zerurlygy nygtaldy, çünki ol bu ulgamdaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegine mümkinçilik berer.

Şunlukda, Türkmenistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly sebit hem-de halkara düzümleri, şol sanda BMG, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen özara hereket etmek bilen netijeli täze gatnaşyklary ýola goýýandygyny nygtamak zerurdyr.

Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşygyň we Aşgabat Ylalaşygynyň, şeýle-de beýleki halkara hukuk namalarynyň çäklerinde gazanylan geleşikleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Baştutany sebit hem-de halkara derejesinde ulag diplomatiýasy ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň meselelerini işjeň öňe sürýär.

Öz üstüne alan borçnamalaryna hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň şu ýyl ençeme halkara resminamalaryna, hususan-da 1975-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral awtoýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1985-nji ýylda kabul edilen Halkara magistral demir ýollary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1991-nji ýylda kabul edilen Halkara utgaşdyrylan gatnatmalaryň, daşamalaryň möhüm ýollary we desgalary hakyndaky Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol hereketi hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky Ýol belgileri we duýduryşlary hakyndaky Konwensiýanyň üstüni dolýan Ýewropa ylalaşygyna Ýol çyzgylary hakyndaky Teswirnama goşulandygyny bellemek wajypdyr.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2310