Türkmenistanyň we Yragyň Ilçileri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ýakynda geçiriljek Halkara forumy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Yrak Respublikasynyň Abu-Dabi şäherindäku Ilçihanasynda Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Ilçileriniň arasynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we söwda, medeniýet hem-de energiýa ugurlary boýunça ösüşi gazanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasyny beýan edip, ýakynda geçirilen iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki telefon gepleşiginiň ähmiýetini nygtady.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek Halkara Forum aýratyn üns merkezinde boldy. Yragyň Ilçisi bu çäräniň ähmiýetini belläp, Foruma Yragyň gatnaşmagy boýunça meselesiniň üstünde işleriň geçirilýändigini mälim etdi.

Duşuşykda şeýle hem ýakyn wagtda ýokary derejeli saparlaryň mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ilçi hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygyny ýene bir gezek tassykladylar.