Türkmenistanyň «Memoriad 2024» bäsleşigine gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen BAE-däki «Centour Group Dubai» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Jeýkob Zahariýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylyň 6-10-njy noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek «Memoriad 2024 Bütindünýä akyl sport oýunlarynyň» BAE-däki tapgyryna Türkmenistanyň gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu abraýly çäräniň guramaçylyk işlerini «Centour Group Dubai» kompaniýasynyň bölümçesi «Sparkler MindsEducation» kompaniýasy alyp barýar we ol bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistandan 17 sany zehinli ýaşlar we 2 sany tälimçi çagyryldy.

Duşuşykda bä çärä taýýarlyk işleri we Türkmenistanyň gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek maksady bilen geçirildi.