DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri 17 — 20-nji noýabr aralygynda wideoaragatnaşyk maslahaty görnüşinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşdylar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň müdiriýeti (Germaniýa, Bonn şäheri) tarapyndan guralan nobatdaky duşuşygyň maksady howanyň üýtgemegine garşy göreşde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Bu ara alyp maslahatlaşmalara Türkmenistanyň gatnaşmagynyň aýratyn möhümligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýandygy hem-de bu ugurda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýändigi bilen nygtalýar. Şolaryň biri Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçdyr.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin çynlakaý wehimleriň birine öwrüldi. Ählumumy ýaramaz ýagdaýlaryň depginini peseltmek üçin ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamak maksady bilen, 1994-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy güýje girdi, häzirki wagta çenli bu resminama dünýäniň 197 döwleti gol çekdi.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň tehnologiýalar boýunça Ýerine ýetiriji komitetiniň düzgünlerini kämilleşdirmek ugrunda soňra Kiota teswirnamasy we Pariž ylalaşygy kabul edildi, bu resminamalar XX asyryň örän möhüm halkara ekologiýa ylalaşyklarydyr hem-de howanyň düzüminde zyňyndy gazlaryň jemlenmesiniň durnuklaşdyrylmagyna we Ýer togalagynyň howa ulgamyna ýetirilýän howply antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilendir.
«Rio+20» sammitiniň öň ýanynda, 2012-nji ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ekologiýa Konwensiýalaryna ygrarlydygynyň hem-de işjeň tebigaty goraýyş syýasatyny alyp barýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu milli strategiýanyň rejelenen görnüşini tassyklady hem-de ýurdumyzda howanyň üýtgemeginiň täsirine degişli çäreleri görmek boýunça yzygiderli geçirilýän işleriň we önümçilik işleriniň ähli esasy ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlyk ölçeglerine geçmeginiň täze tapgyryna badalga berdi.
Merkezi Aziýa gurak howasy hem-de howanyň gyzgynlygynyň möwsümleýin we gije-gündizleýin üýtgemeleri hem-de ýagyş-ýagmyryň deňeçer bolmadyk bölünişi bilen häsiýetlendirilýär we howanyň üýtgemegine has durnuksyz sebitleriň biri bolup durýar.
Bu gün ýurdumyz sebitde möhüm orun eýelemek arkaly, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda howanyň ýagdaýyny öwrenmek boýunça halkara maksatnamalaryň birnäçesine gatnaşýar, bilelikdäki tebigaty goramak taslamalaryny durmuşa geçirýär, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar, munuň özi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet ekologiýa syýasatynyň nusgasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa Diýarymyzyň pes uglerodly ösüşine, esasy pudaklaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna hem-de azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny hem öz içine alýan durnukly ykdysadyýetiň üpjün edilmegine ýardam berýän netijeli çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilendir. Bu bolsa, öz nobatynda, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň ähli düzümleriniň kadaly hereketiniň binýatlaýyn şerti hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa syýasatynyň diňe bir tehnokratik çemeleşmeler bilen çäklenmeýändigi möhümdir, bu syýasat öz gerimini giňeldýär, jemgyýetiň ruhy-ahlak terbiýesini hem-de tebigata we daşky gurşawa jogapkärli gatnaşyklaryny kemala getirmegi maksat edinýär.
http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15122