SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-KATAR GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ilki göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň h...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG BILEN ÖZARAHEREKETLERI ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşly...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Bireleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Polietilen (Türkmengaz DK) Russiýanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleriniň geleşikleriň esasyny düzdi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSGG-NIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN WIDEODUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji awgustynda, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreiesus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi. BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreiesus maslahaty açyp, Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy üçi...
KÄDI WE BEÝLEKI EKINLER: DAŞOGUZLY TELEKEÇILER OBA HOJALYK EKINLERINI ÝETIŞDIRMÄGE IŞJEŇ GATNAŞÝARLAR
Telekçilik bileleşiginiň tagallasy bilen şu ýyl Daşoguz welaýatynda il arasynda ýakymly tagamy bilen meşhurlyk gazanan kädi öndürilişi has-da artdy. Belli bolşy ýaly, kädi peýdaly maddalara baýdyr, göreç üçin möhüm A witamini adam bedeninde özgerdýän karotin bolsa güýçli aktioksidantdyr, ol kädide käşirdäkiden 4-5 esse köpdür. Şeýle hem ol C, E, K, B witaminlere, sinke baýdyr, az kaloriýalylygy we düzüminde kletçatkanyň köplügi üçin ol berhiz tagamy hasaplanylýar. Ýurdumyzyň demirgazygynda...
ÖNÜMÇILIK GALYNDYLARYNDAN ALYNÝAN GIRDEJI: ANTISEPTIK ALMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki birleşmäni – izopropanol (izopropil spirtini) almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Institutyň laboratoriýa müdiri Esger Annahanowyň aýtmagyna görä, izopropil spirti güýçli antiseptik häsiýete eýedir, ol etil spirtiniň ornuna giňişleýin ulanylýar. Ol lukmançylykda, kosmetologiýada, durmuş himiýasynda, awtoulaglaryň aýnasyny ýuwýan serişde hökmünde, şeýle hem antifriz ö...