SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PEKINDÄKI ILÇIHANASY HALKARA PARAHATÇYLYK GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
21-nji sentýabrda Pekiniň «Parahatçylyk bagy» (Peace Garden Museum) Muzeýinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ÝuNESKO, Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy, Pekiniň halkara medeniýet gaznasy we beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanan «Parahatçylyk festiwalyny» geçirdiler. Çärä 300-den gowrak adam, ýene-de Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan onlarça bilermen onlaýn-görnüşde gatnaşdylar. Hytaýyň bütindünýä parahatçyl...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Ulaglaryň we aragatnaşygyň howanyň üýtgemegine täsiriniň peselmegi iki gün dowam eden onlaýn duşuşygyň esasy meselesi boldy. Duşuşyk BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy tarapyndan guraldy. Oňa türkmen tarapyndan «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Ekologiýa meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumy...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bol...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Taraplar duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag-üstaşyr ulgamda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar. Akina-Andhoý we Tu...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler polietileni satyn aldylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini bolsa ABŞ-dan we Şweýsariýadan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna takiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, jinsi matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ý...