SOŇKY HABARLAR
ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady. Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr. Du...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de Ýaragly Güýçleriň işini has-da kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan wezipeler girizildi. Milli Liderimiz ir bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Ministrler Kabinetiniň Ba...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar. Şeý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenista...
TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...
AŞGABATDA HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HÖWESJEŇ AÝDYMÇY ÝAŞLARYŇ TELEBÄSLEŞIGINE GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI
Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary! Mähriban ýaşlar! Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda şanly wakalara beslenip, barha...