SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýermekde şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, ýene bir gezek ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY GURBAN BAÝRAMYNY BELLEMEK HAKYNDA
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Türkmen halkynyň M...
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
AŞGABATDA BSG WE ÝUNISEF- IŇ KHBS-RI ÜÇIN PANDEMIÝANYŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI BOÝUNÇA NETIJELI MAGLUMAT ALYŞ-ÇALŞYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA BILELIKDÄKI BRIFINGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSG we ÝUNISEF-iň KHBS-ri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygny üpjün etmek barada wideokonferensiýa görnüşinde bilelikdäki brifing geçirildi. Onlaýn görnüşinde geçen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurtda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Wideokonferensiýanyň başynda giriş sözi bilen, BSG-niň ýurt...
TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik işlerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň häzirki wagtda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary üçin esasy wezipedigini belledi. Halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmegiň tapgyrlary hakynda gürrüň berýän ozalky makalamyzda şu güne çenli Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur düzümiň we şe...
METBUGAT-RELIZI
2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda “Mir” Döwletara teleradiokompaniýasynyň ýaýlymy boýunça onuň Täjigistan Respublikasyndaky habarçysy Azamat Ziýaýewiň habary ýaýlyma göýberildi, onda hususan-da ýakyn günlerde Täjigistanda garaşylýan yssy howanyň sebäbiniň Eýrandan gelip, Türkmenistanyň üsti bilen geçen yssy howa akymynyň bolup durýandygyny habar berýän maglumat beýan edilýär. Türkmen tarapy beýle habary hünär taýdan sowatsyzlyk diýip hasaplaýar we Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň gidromet...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BAHREÝNIŇ PATYŞASY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary hem-de halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçilige hoşallyk bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy bi...