SOŇKY HABARLAR
TELEFON ARKALY SÖHBETEŞLIGIŇ DOWAMYNDA TÜRKMEN-BRITAN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik...
TÜRKMEN-EMIRAT GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM MESELELERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer...
ÝAŇY-GALA ― AJAÝYP TÜRKMEN KANÝONY
Jahankeşdeler we syýahat etmäni halaýanlar surata düşmek üçin köplenç ajaýyp tebigatyň, ýagny, okeanyň, deňziň, daglaryň, tokaýlaryň we beýleki owadan meýdanlaryň täsirli görnüşi bolan ýerlerini gözleýärler. Şeýle näçe ajaýyp ýerlerde surata düşüp boljakdygyny göz öňüne getirmek hem mümkin däl! Ine, jahankeşdeleri özüne çekýän bu täsin ýerleriň biri - Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän – Ýaňy-gala kanýony. Kanýon Balkan welaýatynda ýerleşip, jahankeşdeleriň, ekstemaly aşa söýüjileriň arasy...
"TÜRKMEN AÝNA ÖNÜMLERI" KÄRHANASYNDA 35 GÖRNÜŞLI AÝNA GAP-GAÇLARY ÖNDÜRILÝÄR
Merkezi Aziýa sebitindäki iň uly aýna öndürýän kärhana “Türkmen aýna önümleri” 35 görnüşli aýna gap-gaç önümlerini, şeýle hem göwrümi 0,5-3 litr bolan lukmançylyk çüýşelerini we gaplary öndürmegi özleşdirildi. Bu kombinatyň aýna gap gaçlary içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Miweleri we gök önümleri taýýarlaýan we konserwirleýän, şeýle hem içgileri öndürýän kompaniýalaryň sargamaklary bilen tomsuň başyndan bäri 5,5 milliondan gowrak aýna gap öndürildi. Aýna gap-gaç kombinatynda...
TÜRKMENISTAN BILEN BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykla...
TÜRKMENISTANA BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ SYNÇYSY DEREJESI BERILDI
2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä seredildi. Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda...
TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2020-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa we ÝHHG-n...