SOŇKY HABARLAR
MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AWSTRIÝANYŇ ILÇISI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi....
EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ UGURLARY: BIOKÖPDÜRLÜLIGI GORAMAK
22-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynyň barşynda halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşulmak barada Kararlar kabul edildi, olaryň arasynda “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda, “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda Kararlar bar. Daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde we ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek meselelerinde ýurdumyz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara g...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAK BOÝUNÇA KARARLARY KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagrylyşynyň onunjy maslahaty sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de birnäçe ähmiýetli halkara-hukuk...
DÖWLET BAŞTUTANYNYŇ ADYNA ABŞ-NYŇ PREZIDENTINDEN HAT GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir. Biz Garaşsyzlyk gününi baýra...
ÇAGALARYŇ WE ÝETGINJEKLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ MESELELERI HALKARA WEB-MASLAHATYŇ TEMASY BOLDY
20-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) sebit hem-de ýurt boýunça edaralarynyň goldaw bermeginde çagalaryň we ýetginjekleriň saglyk ýagdaýyna bagyşlanan web-maslahat geçirdi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Germaniýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenle...