img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Awg

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit koksuny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýanyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. M...

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bol...

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik gecirildi. Birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigin...

DOWAMY
pic
1 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agz...

DOWAMY
pic
31 Iýul

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal edilen tagat-ybadatlar, berlen sadakalar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň we merdana halkymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Watansöýüjiligi, ga...

DOWAMY
pic
30 Iýul

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK

Şu gün «Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllar döwründe ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny (API) ornaşdyrmak» atly sebit taslamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan (Ženewa şäheri) wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa hem-de serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky onlaýn duşuşygy API ulgamynda täzelikler bilen tanyşdyrmak hem-de...

DOWAMY
pic
30 Iýul

BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ HATY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Sizi Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baradaky çözgüt onuň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Bu gazanylan üstünlik Siziň 2013-nji ýylyň ýanwarynda Bütindünýä söwda guramasy bilen resmi gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen başla...

DOWAMY