RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Iýun

KOREÝANYŇ HALKARA SÖWDA ASSOSIASIÝASYNYŇ WE «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ SEKRETARIATYNYŇ WEKILLERI BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-ni ýylyň 29-njy iýunynda Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň, şeýle  hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen duşuşygyň işine Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary,  «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň başlygy, Koreýanyň Halkara Söwda Assosiasiýasynyň ýo...

DOWAMY
pic
28 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi geple...

DOWAMY
pic
26 Iýun

DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KANADANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Aşraf Hohar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşly...

DOWAMY
pic
26 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...

DOWAMY
pic
26 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.    Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
pic
25 Iýun

TÜRKMENISTAN ENÄNIŇ SAGLYGYNY GORAMAKDA DÜNÝÄNIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir. Bu netije hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...

DOWAMY
pic
25 Iýun

MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: DÖRDÜNJI GÜN

Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köpöwüşginli çärelere baý boldy. Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli medeni mirasy öwrenmek, ony dünýäde g...

DOWAMY