SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE HHR-IŇ ARASYNDA WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DIM-ARA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen baştutanlyk etdi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ugry...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi. Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – COVID-19 koronawirusynyň dünýä ýetir...
«TÜRKMENPOÇTA» KOMPANIÝASY ONLAÝN-HYZMATLARYŇ ÇÄGINI GIŇELDÝÄR
?Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy ilata edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrýar. Aragatnaşyk bölüminiň üsti bilen Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimeler baradaky kararyny raýatlaryň öýüne eltip bermek hyzmaty guraldy hem-de kompaniýanyň täzelenen www.turkmenpost.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde ýa-da aragatnaşyk bölümlerinde tölemäge mümkinçilik döredildi. Habary getiren hat gatnadyjy hem POS-terminal arkaly tölegi nagt däl görnüşde kabul...
TÜRKMEN TARAPY YHÖG-NYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin duşuşyk geçirildi. Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn duşuşyga YHÖG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenl...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PUDAKLAÝYN EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň söwda, maliýe we daşary ykdysady aragatnaşyklar, nebitgaz ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşygyň işine Türkmen...
TÜRKMEN ARHITEKTORLARY HALKARA BÄSLEŞIKLERINIŇ ÜÇÜSINE GATNAŞDYLAR
Arhitektor Baýram Şamyradowyň ýolbaşçylyk edýän «ABK» döredijilik ussahanasy täze taslamalaryň birnäçesini halkara arhitektura bäsleşikleriniň eminler toparlaryna hödürledi. Aşgabatly arhitektorlaryň işleriniň möhüm bir artykmaçlygy – olaryň görnüşi we deňeçerligi tebigatdan nusga alynmagydyr. Hut owadan «gül» keşbiniň we bionika ýörelgeleriniň ulanylmagy netijesinde hem «Çopantelpek» çagalar bagynyň taslamasy Russiýanyň Arhitektorlar birleşmesiniň «Сады Придонья» kompaniýasynyň tabşyrygy esa...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji di...