SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair Beduel bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdylar, olaryň hatarynda ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryny, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant...
ÝB-NIŇ «TÜRKMENISTANDA BILIM ULGAMYNA GOLDAW» ATLY TASLAMASYNYŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso we taslamanyň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ — BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DAŞARY SYÝASATY
Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi. Abraýly guramalaryň wekilleri çagyrylan şol iri maslahat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şyg...
AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derw...
BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARYNYŇ MEDENIÝET MINISTRLIKLERIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen sebit ýurtlarynyň medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamlary hakynda pikir alyşdylar, taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamyndaky gatnaşyklar barada belläp geçdiler, şeýle-d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi Söhbetdeşligiň barşynda taraplar derwaýys häsiýete eýe bolan halkara meselelerini, şol sanda halkara jemgyýetçiligi üçin aýratyn jogapkärli bolan häzirki döwürde halklaryň we ýurtlaryň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar BMG-niň utgaşd...