AÝBÖLEK MUHYÝEWA BENJAMIN BRITTENIŇ SKRIPKA ÜÇIN KONSERTINI ÝERINE ÝETIRDI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda ajaýyp türkmen skripkaçysy, halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Aýbölek Muhyýewanyň özbaşdak konserti boldy.

Konserwatoriýany skripka ugrundan tamamlan Aýbölek Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýansyň okuwçysydyr. Onuň ýerine ýetirmeginde ajaýyp iňlis kompozitory, pianinoçysy we dirižýory Benjamin Britteniň Skripka üçin konserti ýaňlandy.

--Pasifist sazanda hem sungatda filosof Britteniň döredijiliginiň wajyp temalarynyň biri-de urşa we zuluma garşy çykmakdyr. Skripka üçin konserti kompozitor Ikinji jahan urşunyň elhençlikleriniň täsiri bilen ýazypdyr. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy bellenilýän şu ýyl ol parahatçylyk we ynsanperwerlik ideallaryna sazly bagyşlanma hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar – diýip Aýbölek konsertden öň aýtdy.

Konsert Iogann Sebastýan Bahyň Skripka üçin adažio we fuga 1-nji sonatasy bilen açyldy. Aýbölek sonatanyň filosofiki häsiýetini nygtap we skripkanyň labyzly owazyny ýerlikli ulanyp, esere dabaraly başlady. Adažiodan fuga geçende kem-kemden dürli akkordlar, goşa notalar, gizlin sesleriň köplügi ýüze çykyp ugrady.

Diňleýjiler bir gulaga öwrülip, TMK-nyň zehinli uçurymynyň sazyny diňlediler we ony şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler... Soňra Britteniň eseri dartgynly ýaňlandy.

Konsertiň özboluşlylygy we köp manylylygy skripkanyň çeper owazlylygyny doly açmaga mümkinçilik berdi. Skripka frazalarynyň ýiti we zaryn sesi urşuň pajygaly wakalarynyň dürli äheňlerini – agyny, ok sesini, partlamalaryň gümmürdisini... beýan edýärdi. Ol saz eseri üçin üýtgeşik ýagdaýdy, onda-da skripkada çalnanda. Ýöne urşuň özem kadaly ýagdaý däl ahyry.

Pajygaly ýagdaýy beýan edýän sazy diňläp oturan tomaşaçylar parahatçylykly döwrüň göwüngöteriji notalaryna garaşýardylar. Ýöne Britten öz ýörelgesinden dänmedi, belki, ol urşa barlyşyksyz garaýşyny kesgitli aýtmak üçin şeýdendir.

Agşama mažor röwüşleri çaýmak üçin Aýbölek özbaşdak konsertini 19 asyr polýak kompozitory Genrik Wenýaskiniň Skerso-tarantellasy bilen jemledi. Skerso sözi italýançadan terjime edilende «degişme» diýen many berýär, tarantella bolsa – şadyýan we joşgunly italýan tansy. Aýbölek Wenýawskiniň Skerso-tarantellasyny ýeňil we çeper tilsimde çaldy.

Agşamyň ahyrynda tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasy bilen sahna Aýbölek Muhyýewanyň halypasy Nikolaý Artemýewiç Amiýans we konsertmeýster Stella Faramazowa dagy çykdylar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14308