img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Dek

Eýranyň Energetika ministri bilen hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleriniň hödürlenýän 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisiniň...

DOWAMY
pic
16 Dek

Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär

2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň wekilleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýany bilen gitdiler. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energetika, ulag we infrastruktura halkara taslamalarynyň iş...

DOWAMY
pic
14 Dek

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň deslapky jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylyň 9-13-nji dekabry aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran baha beriş saparynyň deslap...

DOWAMY
pic
13 Dek

Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy,...

DOWAMY
pic
12 Dek

Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär

2024-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şteli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garadylar. Gepleşikler tamamlanandan...

DOWAMY
pic
11 Dek

Aşgabat şäherinde Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Mejlise bu topara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Bitaraplyg...

DOWAMY
pic
11 Dek

Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da BMG-niň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle hem halkara gatnaşyklary we howpsuzlygy ugruna ýöriteleşen bilermenler, parahatçylygy...

DOWAMY