SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Sammite gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri hem Astana şäherine geldiler. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti hormatly myhman...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygy üçin hoşallyk bildirip, söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag – Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady. Duşuşygyň barş...
Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Agzalan formatyň çäklerindäki bilelikdäki işleriň jemleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar geçirildi. Mej...
BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy
2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň bu ýurtdaky Ilçisi Serdar Garajaýew bilen BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy Zaýton Al Mansuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda medeni çäreleriň ähmiýeti we 2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda BAE-niň Garaşsyzlygynyň 53 ýyllygyny bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistandan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlary toparynyň bu ýurda saparyny gurnama...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrini kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow goňşy döwletiň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Be...
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynypň arasynda geçirilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda kompaniýanyň wekilleri öz alyp barýan taslamalaryna Gazagystanyň nebit we gaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek islegleriniň bardygyny mälim etdiler. Türkmen tarapy öz gezeginde goňşy ýurtlaryň iri halkara gaz taslamalaryna gatnaşmagyny yzygiderli goldaýandygyny nygtady....