SOŇKY HABARLAR
ŞÄHERIŇ ÝAŞYL JÄHEGI
Arassaçylyk we abadançylyk boýunça ýerli trestiň işgärleri Daşoguz şäheriniň bag-seýilgäh toplumynyň üstüni täze ösümlikler bilen ýetirmäge çalyşýarlar. Şu ýylky güýzde kärhananyň hünärmenleri açyk nahalhanada müdimi ýaşyl pirakantanyň nahallaryny ekdiler. Bu gyrymsy agaç çeper şekiller üçin gyrkmaga amatlydyr we köplenç şäherlerde haýat hökmünde ulanylýar. Ol guraklyga durnuklylygy bilen meşhurdyr, toprak dannamaýar, galyberse-de, demirgazyk sebit üçin möhüm tarapy, ol aýaza durnuklydyr. Eger p...
SEMENT ÖNÜMÇILIGINDE ÝERLI ÇIG MAL ULANYLÝAR
?Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýanyň Türkmen geologiýa-agtaryş ekspedisiýasynyň Köýtendag topary Köýtendagyň eteginde ýerleşýän Ak Bulat diýen ýerde kremnili toýunyň – opokanyň ýatagynda takyk barlaglar geçirer. Ol özboluşly sypatlary bolan gadymy çökündi maddanyň häzirlikçe ýurdumyzda ýeke-täk ýatagydyr. Türkmen geologlary has öňräk bu ýerde opoka görnüşli toýunyň uly gorlarynyň bardygyny tassyklapdylar, ol, alymlaryň pikirine görä, tektoniki ýagdaýlar sebäpli topragyň görnüşiniň üýtgemegi...
TREK-KOD UGRADYLÝAN ZATLARY YZARLAMAGA ÝARDAM EDER
?Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy öz täzelenen www.turkmenpost.gov.tm saýty arkaly ýurdumyzyň çäginde müşderilere eltilýän ugradylýan zatlary(posylkalary) yzarlamagy gurady. Indi posylkaňyzyň nirdedigini bilmek üçin onuň poçta identifikatoryny nyşanlyja meýdança girizip, syçanjygyň düwmesine basanyňyzdan Siz dessine onuň haçan we nireden geçenligini, häzir nirededigini bilersiňiz. Saýtdaky posylkalaryň trekingi beýle bir kyn iş däl. Trek-kod (poçt...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, tutuş türk...
«BITARAP TÜRKMENISTAN - ÝUNESKO: TARYHY WE MEDENI UGURLARDA HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARA
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara onlaýn ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mähriban halkymyzyň milli mirasyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara ylmy maslahatynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin! Horma...
ONUŇ ALYHEZRETI, TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI JENAP GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz! Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Oňa mahsus bolan ýokary şahsy häsiýetleri özüniň ýokary wezipesini ýerine ýetirende, Siziň Alyhezretiňiziň hormat-sarpasyna hem-de ynamyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoş...
TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWERLIK UGRY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR
ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...