SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň Türkmen böleginiň işi hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Türkmenistanyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)
RESMI HABAR
Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy; Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi. Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi b...
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 1886-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) konsullygyny Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsullygyna öwürmek bellenildi. Daşary işler ministrligine Adalat...
RESMI HABAR
“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmeklerini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resm...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün wideomaslahat arkaly ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Däp boýunça ýylyň ahyrynda geçirilýän iki günlük onlaýn duşuşyga Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Gün tertibine özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä derejesindäki giň gerimli meseleleriň, şeýle hem bu abraýly guramanyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpug...