آخر الأخبار
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA SEBIT YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ (MASYH) MILLI UTGAŞDYRYJYLARY BILEN GEŇEŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan maslahata MASYH-nyň milli utgaşdyryjylary hem-de köptaraply hyzmatdaş guramalaryň: Aziýanyň ösüş bankynyň, MASYH-nyň institutynyň, Ýewropada täzeleniş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri g...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN WLADIMIR PUTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Wladimir Putini 7-nji oktýabrda bellän doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk hem-de jogapkärli işlerinde üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara aly...
TÄZE DÖWREDAP OBALARYNYŇ WE ÇEPER HALYÇYLYK KÄRHANASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde täze döwrebap obalaryň hem-de Bäherden etrabynda çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Häzirki täze döwrebap obalaryň düýbüniň tutulyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň tabşyrygy...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY – HÖKÜMETIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda K.A.Çuýçenko türkmen tarapyna myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan türkmen-rus hyzmatdaşlygy üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň çäg...
MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýaş diplomatlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Giriş sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gerhard Saýller çykyş etdiler. Maslahatyň esasy lektory Awstriýa Respublikasynyň Wena Diplomatiýa akademiýasynyň professory Markus Kornprobst boldy. Professor d...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ IRIB TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisine (ABU) gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň IRIB teleradiokompaniýasynyň prezidenti doktor Abdolali Ali Askari bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we ikitaraplaýyn hy...