آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mü...
YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUMYN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şägerinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň rumyn bölegine Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Oprea baştutanlyk etdi. Mejlisiň başynda taraplar toparyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişin...
ŞRI-LANKA DEMOKRATIK SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) j-p Mohamed Şariff Anis bilen duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy geljekde netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ynam bildirdi we bu ugurda Ilçä ählitaraplaýyn ýardamlary hem-de goldawlary amala aşyrmakda t...
TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazarbaýewe ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident diplomaty, hormatly we jogapkärçilikli işe başlamagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň doganlyk döwletlerdigini belledi we iki ýurduň gatnaşyklarynyň birek-birege ynamly alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ilçisi öz gezeginde, iki döwletiň ýol...
TÜRKMENISTAN WE KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Li Ýon Ho bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny seljerip taraplar geljekde olary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler. Şu jähtden taraplar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny ösdü...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...
MINSKDE GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň...