RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-da Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowa...

DOWAMY
pic
25 Noý

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatyndan senatory, ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýnsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşl...

DOWAMY
pic
21 Noý

HHR-iň DIM-iň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazany...

DOWAMY
pic
20 Noý

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna garaldy. BMG-niň Ba...

DOWAMY
pic
15 Noý

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan...

DOWAMY
pic
12 Noý

Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy. Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastru...

DOWAMY
pic
9 Noý

Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak» boýunça ministrler derejesindäki maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan maslahata Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň, şeýle-de BMG-niň agentlikleriniň we halkara guram...

DOWAMY