img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERI - ABU DABI
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Russiýa Federasiýasynyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

photo

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Russiýa Federasiýasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Timur Zabirow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçiler ýurtlaryň arasynda ýola goýulan dostlukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek isleglerini beýan etdiler.