Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Gruziýanyň BAE-däki Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

photo

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow, Gruziýanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Giorgi Janjgawa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçiler BAE-de alyp barýan diplomatik iş tejribeleri barada pikir alyşdylar hem-de ýurtlaryň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, yzygiderli dialogy dowam etdirmek isleglerini beýan etdiler.