DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi.

 

Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda BMG edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň hem-de beýleki sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdiler:

 

Diplomatlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümetine bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek ugrundaky yzygiderli işleri üçin minnetdarlyk bildirdiler we bu halkara ýylynyň berk binýadynyň bardygyny bellediler: Parahatçylyk üçin gepleşik, ak ýürekden netijeli pikir alyşmazdan hakyky parahatçylygy saklap ýa-da dikeldip bolmajakdygyna we şeýle aç-açan we ak ýürekli gatnaşyklaryň hakykatdanam halklaryň arasynda düşünişmegi ösdürip biljekdigine bolan umumy ynamymyza esaslanýar.

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 77/32 kararnamasyna laýyklykda 2023-nji ýyl “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Bu başlangyç, BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy gurmak baradaky "Täze parahatçylyk gün tertibi" bilen gabat gelýän "Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde" pelsepesini öňe sürmek başlangyjy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

 

“Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly, 2023” kararnamasynyň taslamasy hödürlenmezden ozal, Türkmenistan BMG-ä agza ýurtlar bilen giňişleýin geňeşmeler geçirdi we netijeli pikirleri we teklipleri göz öňünde tutdy. Guramanyň 68 agzasy bu kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

 

BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde "Parahatçylyk medeniýeti" gün tertibiniň 14-nji maddasynyň çäginde Jemleýji resminama kabul edildi, ol BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini, şol sanda jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýar.

 

Şunuň bilen baglylykda, Jemleýji resminamasy öňüni alyş diplomatiýasynda möhüm rol oýnaýar, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky merkeziniň dünýä jemgyýetçiliginiň jedelleri parahatçylykly çözmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek, parahatçylygy goramak, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmek we berkitmek zerurlygy üçin alyp barýan işleri nygtalýar.

 

Parahatçylygyň kepili hökmünde eýýäm başlanan Dialog üçin Ählumumy kampaniýa, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistanyň diňe esasy bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmeýändigini, eýsem, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitleri, şeýle hem amaly durmuşa geçirmek üçin yzygiderli ädimler ädýändigini aýdyň tassyklady..

 

Milli ösüşimiz, hemişelik bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan Prezidentiň içerki we daşary syýasatlaryny utgaşdyrmakda halkara derejesinde nusgawy ösüşe öwrülýär.

 

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar halkyň bagtly durmuşy we ýurduň gülläp ösmegi ugrundaky tagallalary, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we dostluk syýasatyny alyp barandygy üçin Milletiň Liderine we Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler we olara saglyk we uzak ömür, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.