ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ 216-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariždäky baş edarasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi strategiki kararlary kabul etmek we işine gözegçilik etmek üçin guramanyň esasy jogapkär düzümi bolup durýar.
Ýerine ýetiriji geňeşiň bu mejlisinde ÝUNESKO-nyň mandaty we ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly dürli meselelere seredildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň wekilleri, bilermenler we delegatlar, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ýokary ýolbaşçylary gatnaşdy. Iki hepdäniň dowamynda ÝUNESKO üçin möhüm bolan dürli meseleler we onuň medeniýet, bilim we ylym pudagyndaky maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy we karar edildi.
Mejlisde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi gün tertibinde Türkmenistanyň goldawy esasynda we döredijisi hökmünde aşakdaky kararlar tassyklandy:
- «ÝUNESCO-nyň Assosiirlenen mekdepler ulgamynyň 70 ýyllygy: ösüşiň geljegi»;
- «Hemmeler üçin welosiped – durnukly we sagdyn ýörelgeleri goldamak başlangyjy»;
- «Daşkent Jarnamasy we irki ýaşdaky çagalaryň terbiýesini hem-de bilimini özgertmek boýunça çäreleri görmek babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça nobatdaky hereketler»