Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi S.Karajaýew bilen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň başlygy jenap Abdulaziz Al Neýadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara döwlet we hökümet baştutanlary derejesindäki forumyna BAE-niň ýokary derejede gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Iki tarap hem konstruktiw gepleşik üçin minnetdarlyk bildirdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmekligi ylalaşdylar.