Türkmenistanyň Ilçisi Wýetnamyň Ilçihanasynda açylan Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Abu-Dabi şäherindäki Ilçihanasynda açylan Hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy. Ilçi öz adyndan we Ilçihananyň ähli işgärleriniň adyndan Wýetnam Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary Nguýen Fu Çongyň aradan çykmagyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Wýetnam Ilçihanasyna saparynyň dowamynda Türkmen Ilçisi Wýetnamyň BAE-de Ilçisi Nguyen Than Diep gysga wagtlyk duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Ilçi Baş sekretar Nguýen Fu Çongyň görnükli lider bolup öz ýurduna eden hyzmatlarynyň hemişelik ýatda galjakdygyny belledi. Şeýle-de Ilçi Baş sekretaryň dünýagaraýşynyň we işine bolan yhlasynyň milletde ýatdan çykmajak yz galdyrandygyny we olaryň geljekki nesillere ylham berjekdigine ynam bildirýämdigini nygtady.

Şeýle-de, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin diplomatik tagallalary dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar