Täjigistanyň BAE-de täze bellenen Ilçisi bilen geçirilen hoşamaýlyk duşuşygy

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmammet Garajaýew, Täjigistan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen Ilçisi jenap Aşrafjon Gulow bilen Türkmenistanyň Ilçihanasynda hoşamaýlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, iki tarap hem dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşan ýokary derejeli saparlary belläp geçdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň Birleşen Arap Emirlikleri bilen diplomatik gatnaşyklary barada pikir alşyldy, söwda, maýa goýum we energiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri babatynda aýratyn durlup geçildi.

Iki Ilçi hem diplomatik hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary sebitde we halkara derejesinde has-da ösdürmäge bolan ygrarlydyklaryny gaýtadan tassykladylar we özara hem-de BAE bilen gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga üns bermegi dowam etjekdiklerini ynandyrdylar.