Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.

Ministrler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň BAE bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde garaýyşlarynyň gabat gelýändigi bellenildi. Munuň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň söwda-ykdysady ulgamda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyna aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen, şol sanda maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň «ADNOС» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruwä hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jabere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.