Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň bähbidine sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi.

Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp we belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, hemmelere BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň doganlyk Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk tapgyry bolup durýar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň güýzünde nobatdaky konsultatiw duşuşygy kabul edýän döwletiň Baştutany hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny ajaýyp Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän şu duşuşygy guramak baradaky başlangyç üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew konsultatiw duşuşygyň başlygy hökmünde bu formatda geçirilýän bilelikdäki işler barada habar berdi.

Özbek Lideri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, gatnaşyklaryň anyk maksatnamalaryny ilerletmäge gönükdirilen çärelere aýratyn üns berilýändigini belledi.

Ýylyň ahyryna çenli parlamentara forumy, goranmak, söwda, ulag ministrleriniň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Medeni-ynsanperwer çäreler hem möhüm ähmiýete eýe bolar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew bu konsultatiw resminamalaryň kabul edilmeginiň sebitimizde uzak möhletli geljek üçin işiň strategik ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Prezident Şawkat Mirziýoýew myhmansöýerlik we şu günki maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Özbegistanyň Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkynyň adyndan duşuşyga gatnaşyjylary tüýs ýürekden mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

“Biziň gatnaşyklarymyzy döwrebap ýörelgelerde guramak bilen, umumy ösüş binýadyna daýanýandygymyzy, köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, taryhy dowamatlylygy, döwletlerimiziň häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlardaky ornunyň dikeldilmegini üpjün edýändigimizi aýratyn nygtamak gerek” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça şu maslahaty hem-de kabul edilmegi göz öňünde tutulýan çözgütler, biziň şu günki duşuşygymyz geljekki bilelikdäki hereketlerimizi meýilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi ekologiýa, howa bilen bagly meselelere hem gönüden-göni degişlidir. Türkmenistan häzirki ekologik wehimlere garşy durmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi, çölleşme, Aral meselesi, buzluklaryň eremegi ýaly wehimlere garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak, tebigy landşafty aýawly saklamak, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak örän derwaýys wezipeleriň hatarynda durýar.

Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy wajypdyr diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň, giň ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.

“Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşygyň ýokary many-mazmun we guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, wajyp çözgütlere beslenjekdigine şübhelenmeýärin. Şu günki mejlisimiz bolsa, gürrüňsiz, şol konsultatiw duşuşyga taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr bolup durýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu duşuşyga gatnaşýandyklary, netijeli we döredijilikli bilelikdäki işe taýýardyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşyny tamamlap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny okady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ol öz kärdeşleriniň, resmi wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilçilikli maslahatynyň Türkmenistanda geçirilýän günlerinde bu ýokary sylagy Gahryman Arkadagymyzyň elinden kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlara ýüzlenip, olara şu günki çärä gatnaşandygy hem-de duşuşygyň netijeliligini üpjün eden işjeň çemeleşme üçin minnetdarlyk bildirip, pikir alyşmalaryň geljekde has netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňat esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi hem-de hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerine ugradylar.