Türkmenistanyň Ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Serdarmämmet Garajaýewiň BAE-niň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa ýurtlary boýunça müdirliginiň direktory jenap Abdulaziz Al-Neýadi bilen duşuşdy. Duşuşyk Ilçiniň diplomatik işiniň tamamlanmagy mynasybetli geçirildi.

Ilçi S. Garajaýew BAE-niň Daşary işler ministrligine, şeýle hem jenap Abdulaziz Al-Neýadiýe minnetdarlyk bildirip, onuň özara düşünişmek hyzmatdaşlyga, goldawa we Türkmenistanyň Ilçihanasyna yzygiderli üns bermekde bitiren hyzmatlaryny belledi. Ol, açyk we netijeli gatnaşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösýändigini nygtady.

Öz gezeginde jenap Abdylaziz Al-Neýadi Ilçä minnetdarlyk bildirip, onuň netijeli işi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky goşandy üçin hoşallyk bildirdi. Ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk dostluk, özara hormat we netijeli hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçdi.