Täze bellenilen Ilçi Birleşen Arap Emirliklerine geldi

photo

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda täze bellenen Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramow BAE geldi.

Dubaý şäheriniň Halkara howa menzilinde Ilçini Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň Dubaýdaky wekilhanasynyň direktorynyň orunbasary jenap Raşid Abdulla Al Kasir mähirli garşylady.

Söhbetdeşligiň dowamynda jenap Raşid Abdulla Al Kasir täze bellenen Ilçini garşylap, onuň Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak jogapkärli we netijeli işine üstünlik arzuw etdi.

Duşuşyk dostluk, özara hormat we oňyn hyzmatdaşlyk ýagdaýynda geçdi.