Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 13-16 oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Telekommunikasiýalar we sanly hökümetiň düzgünleşdiriş edarasynyň (TDRA) çakylygy boýunça Dubaý şäherinde geçirilen halkara tehnologiýa sergisine we maslahatyna – «GITEX Global 2025» gatnaşdy.
Bu iri forum sanlaşdyrmak, telekommunikasiýa, kiberhowpsuzlyk we maglumat dolandyryşy ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Baş Döwlet pawilýonyny, şeýle hem TDRA we Digital Dubai edaralarynyň stendlerine, hem-de beýleki kompaniýalaryň sergilerine baryp gördüler hem-de sanly hyzmatlaryň iň täze çözgütleri bilen tanyşdylar.
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Digital Dubai edarasynyň düzüm bölegi bolan Dubaý Maglumat we Statistika Edarasynyň (DDaSE) baş direktory Ýunus Al Nasser, şeýle hem Telekommunikasiýalar we Sanly Hökümetiň Düzgünleşdiriş Edarasynyň (TDRA) baş direktory inžener Majed Sultan Al Mesmar bilen duşuşyklary geçirdiler.
Duşuşyklarda maglumat dolandyryşy, sanly döwlet hyzmatlary, sanly tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk hem-de maglumat tehnologiýalary hünärmenlerini taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy Digital Dubai we TDRA edaralaryny 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda Aşgabat’äherinde geçiriljek «Turkmentel-2025» atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyryp, sanly hökümet, maglumat dolandyryşy we kiberdurplylyk boýunça maslahatlaşmalary geçirmegi teklip etdi.
Emirlik tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady we anyk ugurlar boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşmagy Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň sanly innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki islegini ýene-de bir gezek tassyklady.