Türkmenistanyň Ilçisi Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki täze bellenen Ilçisi Baýram Baýramow BAE-niň Daşary işler ministrliginde özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny bu ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Omar Obaid Alheýsan Alşamsä gowşurdy.
Duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki bilelikde gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk dostlukly we guramaçylykly ýagdaýda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emiratlarynyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk ruhunda geçdi.